DÜNÝÄ

Türkmenistan Hazar sammitine taýýarlanýar

Şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy halkara wakalaryň biri hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitidir. Şol sammite taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynda özüniň eýränly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini bu sammite gatnaşmaga çagyrypdy.

Şonuň yzysüre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Şol söhbetdeşlikde Hazar sammiti maslahatlaşyldy.

Ine, düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, telefon söhbetdeşliginiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda amala aşyran saparyny, şeýle hem 6-njy Hazar sammitine taýýarlyk görmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

 “Demirýollary”: 086 sorag-jogap gullugy döredildi

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy