JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardyrys

Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakob Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady. Ol öz hatynda türkmen Liderini Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady. 

 Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk.

Pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ýardam berýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine taýýardygyny tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

 

Türkmenistan Hazar sammitine taýýarlanýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri