DÜNÝÄ

Türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş ulgamynda işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy nygtaldy.

Suw baýlyklaryny tygşytlamaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň suw hojalygy pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda M.Bäşimowa “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy