BIZNES

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýän «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasynyň mümkinçilikleri, tehnologik teklipleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda ýerasty baýlyklary gözlemekde kwant duýujylygyny ulanýan ýokary takyklykly anyklaýyş tehnologik enjamlary öndürmäge, suwuklandyrylan gaz babatda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýa ýöriteleşen «Sustec», «Carbon Cryo Capture Co., Ltd» ýapon kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti:elektron söwda we harytlary eltip bermegi ýola goýmaly

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri suwuklandyrylan gazy satyn aldy

Ata Watan Eserleri