BILIM

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow we Gazagystanyň “Bolaşak” halkara maksatnama merkeziniň dolandyryş geňeşiniň ýolbaşçysy Olžas Sakenow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ylmy we bilim pudagyndaky ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine ünsi çekdiler, şeýle hem Türkmenistan we Gazagystan Respublikasynyň uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy maksatnamalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada pikir alyşdylar.

Öz gezeginde Gazagystanyň “Bolaşak” halkara talyp haky maksatnamasynyň başlygy O. Sakenow 2023-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşmak isleýändiklerini belledi.

Gazak tarapynyň belläp geçmegine görä, bu halkara meýdança Gazagystan Respublikasynyň wekilçilikli toparyna Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, magistratura, aspirantura we ikinji ýokary bilim mümkinçilikleri barada giňişleýin gepleşikler geçirmäge şert döreder.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça işjeň gatnaşyklary saklamak boýunça taýaýrdyklaryny bellediler.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar