BIZNES

“Datmeni” haryt nyşanly şerbetler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azyk önümçiligi bilen meşgullanýan agzalary häzirki döwürde netijeli işleri alyp barýarlar. Şolaryň biri hem Birleşmäniň agzasy, telekeçi Meret Meredow bolup, onuň ýolbaşçylyk edýän önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Häzirki wagtda kärhanada “Datmeni” haryt nyşany bilen dürli görnüşli gaplama önümçiligi alnyp barylýar.

Hususan-da, kärhanada möwsümleýin işler guramaçylykly ýola goýlup, şu günler miwe şerbetleriniň dürli görnüşleri uly möçberde öndürilýär. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän garaly, üzüm, zirk, itburun, şetdaly ýaly ekologiýa taýdan arassa dürli önümlerden taýýarlanýan bu şerbetler ýokary hilli taýýar önüm hökmünde 0,5 litrlik aýna gaplara gaplanýar. Kärhanada alma, erik, ülje ýaly miweler bilen bir hatarda, limondyr beýiden, pyrtykaldan we beýleki miwelerden, ir-iýmişlerden tagamly mürepbeler taýýarlanýar. 500 gramlyk gaplara gaplanýan mürepbeleriň müşderileri barha artýar.

Mundan başga-da, telekeçi tarapyndan “Derek” haryt nyşany bilen arahisli, kişmişli, nohutly, daş şekerli, şokoladly nogul süýjüleriniň önümçiligi alnyp barlyp, bu süýjüler körpeler bilen birlikde, uly ýaşlylaryň hem isleginden peýdalanýar. Kärhanada öndürilýän marmeladlar, kakaodyr şeker tozlary hem “Datmeni” haryt nyşany bilen sarp edijilere iberilýär.

Related posts

Bäsleşikli söwda: 12 desga hususylaşdyrylar

“Türk akymy” taslamasynyň Serbiýa bölegi işe girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Türkiýe bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Leave a Comment