BIZNES

TSTB-niň düzüminde pudaklaýyn assosiasiýalar dörediler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde,  ýerli we daşary ýurt bazarlarynda talap ediljek dürli önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan hususy işewürleri birleşdirjek pudaklaýyn assosiasiýalar dörediler.

Häzirki wagtda iki sany assosiasiýany döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Olaryň biri ýurdumyzyň guşçulyk bilen meşgullanýan işewürlerini, beýlekisi bolsa ýyladyşhanalarda miwe we gök önümleri öndürijileri birleşdirer.

Täze birleşikler oba hojalygynyň senagat önümçiliginiň esasy ugurlaryny, esasanam importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak maksady bilen döredilýär. Assosiasiýalar hususy firmalaryň işini utgaşdyrmaga, pudaga degişli iş meseleleriniň öz wagtynda çözülmegine, şeýle hem kärhanalara hukuk we bilermen goldawyny bermäge ýardam eder.

Häzirki wagtda TSTB 26 müň 200-den gowrak agzany birleşdirýär. Şeýlelikde, birleşmäniň düzüminde aýratyn birleşikleriň döredilmegi onuň işiniň has täsirli we maksatly bolmagyna kömek edýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

 

 

 

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler