BIZNES

“Täç hil” arassaçylyk serişdelerini Özbegistana eksport etmäge başlady

Türkmenistanda arassaçylyk serişdeleriniň önümçiligi bilen adygan “Täç hil” hususy kärhanasy golaýda Özbegistana suwuk sabynyň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň eksportyny ýola goýdy. Bu önümleri ýakyn geljekde Gazagystana, Russiýa ugratmak meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň, Germaniýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ilkibaşda polietilen torbalar we çygly süpürgiçler öndürilip başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada ýokarda agzalan önümlerden başga-da, arassaçylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär.

Şeýle-de “Täç hil” atyrlaryň 30-a golaý görnüşini hem öndürýär.

Related posts

London bilen Tokionyň rekord söwda ylalaşygy

13 ýylda Türkmenistanda 42,3 milliard manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

Leave a Comment