DÜNÝÄ

Türkmenistan-ABŞ: migrasiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ikinji sekretary jenap Braýan Howard Grandjean bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň üstünlikli ösýändigini bellediler.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky migrasiýa babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

UNİCEF Türkmenistan’a yeni temsilci atadı

vepa

BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa saparyna başlady

Ata Watan Eserleri

Indi BAE üçin bäş ýyllyk wiza berler

vepa