SPORT

Türkmenistanda VAR ulgamy ornaşdyrylýar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Eminler bölüminiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Futbol assosiasiýasy bilen bilelikde, futbol boýunça milli çempionatynyň eminlerine Wideo gaýtalanma arkaly kömekçi eminler (VAR) ulgamyny ýakyndan tanyşdyrmak boýunça amaly we teoriýa okuw-türgenleşiklerine başlady.

Şu maksat bilen, 31-nji awgust – 4-nji sentýabr aralygynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) tejribeli hünärmenleri Jahangir Saýidow VAR boýunça hünärmen-inspektor we VAR operatory Şiraly Janalyýew Türkmenistanda iş saparynda bolýalar.

Jemi 5 gün dowam etjek bu işjeň maksatnamanyň çäginde ýerli eminlerimize VAR ulgamynyň iş ýörelgeleri, tehniki aýratynlyklary duşuşyk wagtynda oýun ýagdaýlaryna nädip dogry we çalt baha bermelidigi barada giňişleýin okuwlar geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň milli çempionatynyň we kubok duşuşyklarynyň hakykylygyny, eminligiň hilini ýokarlandyrmakda hem-de halkara standartlaryna laýyk getirmekde taryhy ädimleriň biri bolar.

Related posts

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

11 ýyldan soňra Italiýanyň çempiony boldy