SPORT

Neýmar “Al-Hilal” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy

Dünýä belli brazil futbolçy Neýmar bilen Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň arasyndaky şertnama resmi taýdan ýatyryldy. Bu barada saud topary jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– Taraplaryň özara ylalaşygy esasynda “Al-Hilal” topary bilen Neýmaryň arasyndaky şertnamany ýatyryldy. Neýmara sag bolsun aýdýarys we üstünlik arzuw edýäris  – diýip, beýanatda bellenilýär.

Brazil futbolçy 2023-nji ýylyň awgustynda Fransiýanyň “PSŽ” toparyndan “Al-Hilal” toparyna geçdi. Saud topary bu futbolçy üçin 90 million ýewro töledi. Ýyldyz futbolçy şikesi sebäpli Saud Arabystanynyň häzirki çempionynyň düzüminde bary-ýogy 7 duşuşykda oýnady we 1 gezek tapawutlandy.

Neýmaryň öz ýurduna dolanyp, “Santos” toparyna gaýdyp gelmegine garaşylýar. 5-nji fewralda futbolçy 33 ýaşaýar.

Ýene-de okaň

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Garaşylmadyk netije: Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy