JEMGYÝET

TOPH taslamasy Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli okuw sapagynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gaz geçirijisi onuň gurluşygy tamamlanandan soňra iki sub kontinentiň zerurlyklaryny onlarça ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge ukyplydyr. Bu sub kontinentleriň ilaty häzirki wagtda 2 milliard adama golaýdyr. Olaryň ykdysadyýetleri çalt depginler bilen ösýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer» diýip belledi.

Türkmenistan döwleti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak üçin kuwwatlyklara eýedir diýip, Gahryman Arkadag öz çykyşynda nygtady.

Bellenilişi ýaly, öndürijiler, sarp edijiler we üstaşyr geçirijiler hökmünde yklymyň ýurtlarynyň bar bolan energetika mümkinçiliklerini açmak hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň örän möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň strategiýasy bu üç ugra gatnaşyjylaryň bähbitlerini doly hasaba almaga, gatnaw ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we nebitgaz çig malyna, şeýle hem elektrik energiýasynyň çeşmelerine deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge esaslanandyr.

Related posts

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

Türkmen Lider, BM Genel Kurulu’na hitap etti: “Barış ve Güven Yılı” teklifinde bulundu

vepa

Çin, Olimpiyat Şampiyonu ’nu yendi

vepa