JEMGYÝET

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekişine başlamagyň senesini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bereketli we bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, tehnikalar, suwaryş suwy we beýleki wajyp serişdeler bilen üpjün edilýär.

Related posts

Türkmen Lider, Türkmen-Türk münasebetlerinden memnun

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Stubby saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi