JEMGYÝET

BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze kararnamasy

24-nji fewralda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli türkmenistanlylary gutlady.

«Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan bize Türkmenistanyň ýene-de bir möhüm başlangyjynyň kabul edilendigi baradaky şatlykly habar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, men, ilki bilen, mähriban türkmen halkymy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli dostlukly işgärlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Aşgabatda 2007-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Hökümeti sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn yzygiderli goldaw berýär. Hususan-da, onuň syýasy-diplomatik gatnaşyklary öňe sürmekde, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalaryny we başlangyçlaryny goldaýar.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy