JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: BMG-de Araçyllyk palatasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdik

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde geçiren umumy sapagynda eden çykyşynda şeýle diýdi:

– Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda Araçyllyk palatasyny döretmek baradaky başlangyjy, şeýle hem bitarap we bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylygy dörediji tagallalarynda ileri tutulýan hyzmatdaşlar hukuk ýagdaýyny bermek hakyndaky teklibi-de hyzmatdaş döwletleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Bularyň ählisi Bitaraplygyň uly mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Meniň pikirimçe, onuň sebäpleri aýdyňdyr.

Bitaraplygyň mümkinçilikleri uludyr. Men onuň diňe käbirini sanap geçdim. Türkmenistan bitaraplygyň nazaryýetini hem-de amalyýetini baýlaşdyrmagyň, syýasy we ylmy binýadyny döretmegiň üstünde işlemegini dowam edýär.

Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamak bu işiň örän möhüm tarapy bolup durýar. Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy geljekde öz işini has-da güýçlendirer, düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barar. Institutda parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň àkademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeler geçiriler. Şeýlelikde, ahyrky netije Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek bolup durýar. Ýaş talyplar, siziň bu ýerde işlemegiňiz üçin uly mümkinçilikler açylýar, sebäbi bitaraplyk diňe bir syýasat däldir! Halkara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde bitaraplyk ykdysadyýeti, ylym-bilimi, tehnologiýalary, medeniýeti, sporty, maglumat we kommunikasiýany hem-de ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Stubby saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

Iň ýaşuly işgär

«Johnson & Johnsondan» ägirt uly sahylyk

Ata Watan Eserleri