2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gatnaşmagynda institutda «Pearson Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň döredilendigi baradaky güwänama gowşuryldy.
Bu waka bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň amaly netijesidir. Mälim bolşy ýaly, «Pearson» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler 2025-nji ýylyň maý aýynda Londonda geçirilen «Education World Forum» çäresiniň dowamynda başlandy. Soňra, 2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Beýik Britaniýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dört resminama gol çekildi. Şolaryň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Pearson» kompaniýasynyň arasynda başarnyklary ösdürmek, sertifikatlaşdyrmak we hünär derejeleri babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama boldy.
«Pearson Certiport» merkeziniň açylmagy bu hyzmatdaşlygyň ilkinji amaly netijeleriniň biridir. «Certiport» arkaly «Microsoft», «Adobe», «Autodesk», «Cisco», «Apple», «Intui»t, «Unity», «Project Management Institute» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň we guramalaryň halkara derejede ykrar edilýän sertifikat synaglary geçirilýär.
Bu merkeziň Türkmenistanda döredilmegi talyplara, mugallymlara we hünärmenlere halkara sertifikatlaryny ýurdumyzda almak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle sertifikatlar anyk hünär başarnyklaryny tassyklaýar, uçurymlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar hem-de olaryň halkara taslamalara gatnaşmagy we dünýä zähmet bazaryna çykmagy üçin goşmaça mümkinçilik döredýär.
