BILIM

Balkan welaýatynda giriş synaglary möwsümi

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul etmegiň giriş synaglary bellenilen tertipde guramaçylykly dowam edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi esasynda giriş synaglarynyň dalaşgär ýaşlaryň ýaşaýan welaýatlarynda ýola goýulmagy ildeşlerimiziň çuňňur hoşallyklaryna eýe boldy. Dürli ugurlarda bilimlerini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň bu jogapkärli synaga guramaçylykly gatnaşmagy üçin Balkanabat şäherinde hem talabalaýyk işler amala aşyrylýar.

Öňden tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Balkan welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmeklik dört tapgyrda amala aşyrylar.

Birinji tapgyrda — 22-23-24-nji iýul aralygynda Balkanabatdaky 3-nji orta mekdepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, 21-nji orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 23-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň dördüsine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden giriş synaglaryny almak üstünlikli tamamlandy. 2020-2021-nji okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar özleri baradaky bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler.

Balkan welaýatynyňmerkezinde ýokary derejede ýola goýlan bu möhüm çäräniň ikinji tapgyry 1-3-nji awgust aralygynda, üçünji tapgyry 4-6-njy awgust aralygynda, ahyrky, dördünji tapgyry bolsa 10-12-nji awgust aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar