SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge niýetlenen “Diamond” kysymly howa gämileriniň halkara derejeli sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak hem-de mekdebiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bu ugurdaky işler Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ýerli uçarmanlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň uçarmanlaryny taýýarlamaga, mekdebiň okuw-türgenleşik uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn tejribesini we ülňülerini ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Dr.Döwran Orazgylyjov

Daşary ýurda gitmek üçin biometriki pasport :Gerekli resminamalar

Sanjym Awstriýada hökmany bolýar

Ata Watan Eserleri