SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýada maýmyn mama keseliniň sanjymy synag edilýär

Russiýada maýmyn mama keseline garşy täze sanjym synag edilýär. Bu derman serişdesi niň synag işleri “Wektor” döwlet wirusologiýa we biotehnologiýa ylmy merkezi tarapyndan alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Russiýada maýmyn mama keseli boýunça ştammlar diňe “Wektor” ylmy merkezinde bar. Bu ugurda işlenip düzülen sanjymyň üçünji kliniki synagy edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Russiýada hem bu keseliň ilkinji ýüze çykmasy emele geldi.

Russiýada ýüze çykan bu kesel bilen kesellän adam ýokançylygy ýeňil görnüşde geçirýär. “Rospotrebnadzor” gullugy bu adam bilen ýakyn aragatnaşykda bolan ähli şahslaryň lukmançylyk gözegçiligine alnandygyny habar berdi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Anadom Gebreyesusyň aýtmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri dünýäniň 48 ýurdunda maýmyn ýokançlygy bilen 3,2 müňden gowrak ýokaşma keseli hasaba alyndy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiyada-ilkinji-maymyn-mama-keseli-yuze-cykdy/

Related posts

Türkiýä syýahata gidesiň gelýärmi ? Syýahatçylyk wizasy üçin gerek bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Alymlar gepleşikde koronowirus ýokuşmagyna baha berdiler

BSG: maýmyn mama keseli gözegçilik astyna alnyp bilner