2025/2026-njy okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 17 — 27-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegde 12 sany fotosurat;
— Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;
— dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2 sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
— şahsy pasportynyň nusgasy;
— raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamanyň (bar bolsa) göçürmesi we tassyklanan terjimesi;
— bakalawr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler üçin SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça «Advanced» we ondan ýokary derejedäki şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
— magistr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler üçin GMAT (Graduate Management Admission Test), GRE (Graduate Record Exam) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça «Advanced» we ondan ýokary derejedäki şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
— ýokary hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň hem-de ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen şahadatnamalaryň asyl nusgasy (bar bolsa) we tassyklanan terjimesi;
— umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi. Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
— diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Rumyniýanyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
— rumyn dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da rumyn dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
— terjimehal (CV) (iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny, (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).
Resminamalaryň terjimeleri iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler bilen 2025-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1958-nji (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy.
Telefon belgileri: (+99312) 39-85-62, 39-85-25.
Elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com