JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň jemleýji gününiň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalary, ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumynyň dolandyryş binasynda guralan sungat eserleriniň sergisini synlady. Soňra Halkara atçylyk toplumyny esaslandyryjy Wan Sziýan duşuşygy açyp, türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin hoşallyk bildirdi we uly hormat bilen söz berildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlaryna uly ornuň degişlidigi bellenildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda  Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalary bilen duşuşygyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri şular dogrusynda hem belläp, mundan 12 ýyl ozal hem Hytaýyň Başlygyna Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini nygtady hem-de munuň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri atşynaslyk, ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada belläp geçdi. Onuň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň atçylyk wekiliýet agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi