JEMGYÝET

«Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi

«Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşyk 3:0 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary Mirza Beknazarow (14-nji minut) bilen Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar) geçirmegi başardylar. Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip “Arkadag” toparynyň oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew saýlanyldy.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ikinji gezek mynasyp boldy.

Ýeňijilere baýraklary TFF-niň ýolbaşçylar düzümi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilelikde gowşurdylar.

Related posts

Türk kültür günleri tanıtım bilgisi

vepa

Aşgabadyň merkezinde işewür duşuşyklary üçin merkez dörediler

Türkmen öğrencilerine Macaristan’da eğitim imkanı

vepa