JEMGYÝET

Türkmen-eýran tebigy gaz hyzmatdaşlygy täze döwre gadam basdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen çykyşynda türkmen-eýran gatnaşyklaryna giňişleýin syn berilýär. Hususan-da, soňky ýyllardaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklar bilen täze many-mazmun bilen baýlaşýandygy bellenilýär. 

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk barada şeýle diýilýär:

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 500 million amerikan dollary töweregindedir. Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda ylalaşylan täze ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, bu görkezijiniň has-da artjakdygy ikuçsuzdyr.

Iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň tebigy gazyny «swap» usuly arkaly Yraga ibermek hakynda şertnama gol çekilmegi ykdysady hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Şu nukdaýnazardan, ýokary derejeli wekillerimiziň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýän bu ýolunyň Eýranyň, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň milli bähbitlerine hyzmat etjekdigine berk ynanýarys. Elbetde, türkmen tebigy gazynyň «swap» usulynda Yraga (geljekde başga ýurtlara-da) eksport edilmegi Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi pugtalandyrmak babatda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrar. Şunuň bilen birlikde, elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem, isle ol gönüden-göni Eýran bilen bolsun, ýa-da beýleki ýurtlara üstaşyr geçirmek görnüşinde bolsun, ykdysady gatnaşyklarda geljegi uly ugur hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi