SPORT

Türkmen agyr atletikaçylar Tailandda bäsleşerler

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça türgenler topary Tailandyň Phuket şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä kubogynyň ýaryşyna gatnaşar. Bu ýaryşda Türkmenistan 9 türgen bilen wekilçilik eder.

Halkara ýaryşa 110 döwletden 459 türgen gatnaşyp, olaryň 231-si erkek, 228-nji zenan türgenlerden ybarat bolar. 11-nji aprelden erkekleriň we zenanlaryň arasynda 9 agramda 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin bäsleşikler guralar.

Türkmenistandan Tailandaky ýaryşa zenanlardan Krsitina Şermetowa we Anamjan Rustamowa, erkeklerden Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Maksad Meredow, Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şohradow, Dawranbek Hasanbaýew, Şahzadbek Matýakubow we Hojamuhammet Toýçyýew gatnaşar.

Related posts

Şosse boýunça Ýewropa çempionaty yza süýşirildi

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: Messi, Neýmar, Mbappe ýaryşdan çykdy

Ata Watan Eserleri

Futbol toparlary gyşky transfer döwründe 1.46 milliard sarp etdiler

Ata Watan Eserleri