SPORT

Tennisiň ägirtleri belli boldy

Tennis sporty boýunça “US Open” çempionatynyň erkekleriň arasynda final duşuşygy geçirildi. Final duşuşykda Dominik Tim bilen Aleksandr Zwerew garşylaşdylar. Duşuşyk umumy hasap boýunça 3:2 hasaby bilen Dominik Timiň tarapyna tamamlandy. Şeýlelik bilen, 27 ýaşly Dominik Tim 1990-njy ýyllarda doglan tennisçileriň arasynda “Tuwulganyň” ilkinji ýeňijisi boldy. Çempionatdaky ýeňişi üçin Dominik 3 million amerikan dollar pul baýragyny aldy. 23 ýaşly Aleksandr Zwerew üçin “Uly tuwulga” ýaryşynda ilkinji final duşuşygy boldy. 2019-njy ýylda geçirilen “US Open” çempionatyň ýeňijisi Rafael Nadal bolupdy.

ZENANLARDA ÇEMPION OSAKA

Zenanlaryň arasynda “US Open” çempionatynyň final duşuşygynda ýaponiýaly Naomi Osaka bilen belarusly Wiktoriýa Azarenko garşylaşdylar. Duşuşykda 2:1 hasaby bilen Naomi Osaka ýeňiş gazandy. Eýýäm üç ýyl yzly-yzlyna ýaponiýaly türgen bu çempionatda ýeňiş gazanýar. ABŞ-nyň “US Open” 2020 çempionatynyň ýeňijisi üçin Naomi Osaka hasabyna 3 million amerikan dollar goşdy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, ýaponiýaly türgen ýylyň ýaryşlarynda (2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň iýun aýyna çenli) 3,4 million baýrak gazandy. Muňa garamazdan, onuň mahabat şertnamalaryndan gazanjynyň has köpdügi mälim edildi.

Umuman, hemaýatkärler ýapon türgenine 34 million dollar harçladylar, jemi türgen 37,4 million dollar gazanyp, dünýäniň iň baý tennisçisi diýen adyna mynasyp boldy. 31 ýaşly belarus tennisçisi “Uly tuwulga” finalyna bäşinji gezek çykmagy başardy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi