SPORT

Ýaponiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

Ýaponiýa 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çäklerinde geçirilýän saýlama tapgyrynda Bahreýni 2-0 hasabynda ýeňiň gazandy. Şeýlelikde, Ýaponiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy boldy.

Öz toparçasynda diňe bir duşuşykda deňme-deň oýnan Ýaponiýa utuklarynyň sanyny 19-a çykardy we bassyr 8-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

2022-nji ýylda dünýä çempionatynda oňat netijeler görkezen Ýaponiýa toparçadan çykyp, 1/16 final tapgyrynda Horwatiýa ýeňlipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy