JEMGYÝET

Ahal welaýatyna täze prokuror bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Şadurdy Hangeldiýewiç Täşliýew Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine bellendi.

Şeýle hem 1-nji derejeli ýurist Orazmyrat Annamyradowiç Gurbanow düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesine bellendi.

Gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Mahmudowiç Pirbabaýew Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden, şeýle hem ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Işangulyýewiç Ulugberdiýew düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesinden boşadyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar