DÜNÝÄ

Türki dünýäsiniň sammiti: Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde 6-njy noýabrda Türki Döwletleri Guramasynyň nobatdaky 11-nji sammiti geçiriler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Muratbek Azymbakiýew habar berdi.

Onuň bellemegine görä, öňde boljak sammit “Türk dünýäsini güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, Durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk” şygayr bilen geçiriler.

– Döwlet we Hökümet Baştutanlary guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundna beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem Guramanyň gün tertibindäki meselelere serediler. Köp sanly resminamalara gol çekiler we jemleýji Jarnama kabul ediler – diýip, Muratbek Azymbakiýew belledi.

Bu sammitiň jemleri boýunça Türki Döwletleri Guramasyna başlyklyk etmek Gyrgyz Respublikasyna geçer.

Muratbek Azymbakiýew bu sammitiň öňüsyrasynda 5-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet sapary, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň bolsa resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna geljekdigini belledi.

Onuň bellemegine görä, Bişkekde geçirilen gyrgyz-türk hem-de gyrgyz-wenger gpeleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekiler.

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy