SPORT

CAFA Aziýanyň iň gowy sebit assosiasiýasy diýip ykrar edildi

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) yzly-yzyna ikinji ýyl Aziýada ýylyň iň gowy sebit assosiasiýasy diýlip ykrar edildi. Bu barada Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty habar berýär. AFK-nyň her ýyl geçirilýän gala dabarasy 29-njy oktýabrda Seulda (Koreýa Respublikasy) geçirildi.
2015-nji ýylda esaslandyrylan CAFA AFK-nyň iň ýaş sebit assosiasiýasy bolup, gysga wagtda uly ykrar gazandy.

Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) düzümine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalarynyň girýändigini bellemek gerek. CAFA-nyň ştab-kwartirasy Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy