SPORT

Amerikaly ýeňil atletikaçy iň köp medally türgen boldy

Sport gimnastika ugry boýunça 4 gezek Olimpiýa çempiony bolan amerikaly türgen Simona Baýlz Antwerpen şäherinde geçiirlen dünýä çempionatynda altyn medal gazanyp, sportuň bu ugry boýunça iň köp medal gazanan türgen boldy.

Häzirki wagtda Baýlzyň Olimpiýa oýunlary we dünýä çempionatlarynda gazanan medallarynyň sany 34-e deňdir. Ol Olimpiýa oýunlarynyň 4 gezke çempiony, şeýle hem bu oýunlarda 1 gezke kümüş, 2 gezke bürünç medal gazandy. Dünýä çempionatlarynda Baýlz 21 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medalyň eýesi boldy.

Mundan ozalky rekord SSSR-iň hem-de Belarusyň gimnastikaçysy Witaliý Şerbo degişlidir. Onuň gazanan medallarynyň sany 33-e deňdir. Ýöne ol 6 gezek Olimpiýa çempiony boldy. Dünýä çempionatlarynda bolsa, 12 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç medallar gazandy.

26 ýaşyndaky Baýlz uly üstünliklere ýeten ýaş türgenleriň biri boldy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy