SPORT

Tokio Olimpiadasynyň iň köp hak alýan türgeni

ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kewin Dýurant Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň iň köp hak tölenýän türgeni boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly degişli reýtingi düzdi. ABŞ-ly türgeniň geçen ýylky girdejisi 75 million dollara deň boldy.

32 ýaşly türgen 3-nji gezek ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Ol bu ýygyndy bilen 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda olimpiýa çempiony bolupdy.

Sanawda ikinji orny ýapon tennisçi Naomi Osaka eýeledi. Onuň girdejisi 60 million dollara deňdir. Üçünji orny ýene-de ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň türgeni Damian Lillard (40.5 mln $) eýeledi.

Şeýle hem bu sanawda serb tennisçi Nowak Jokowiç (34.5 mln$), britan golýfçy Rori Makilroý (32 mln$), amerikaly basketbolçy Dewin Buker, ýapon tennisçi Keý Nisikori (30 mln$) we ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň ýene-de 2 basketbolçysy – Kris Middlton (27 mln $) we Džru Holideý (23 mln$) bar.

 

19-njy iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy