SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň senesine üýtgeşiklik girizilýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katar döwleti taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär. Bu futbol baýramçylygyny 21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi.

Ýöne ýer eýeleriniň başlangyjy we teklibi bilen dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy bir gün öňe süýşürilýär. Ýagny, futbol ýaryşyna 20-nji noýabrda badalga berler, şol gün açylyş dabarasy we Katar bilen Ekwadoryň arasyndaky duşuşyk geçiriler.

Adatça, ozal düzülen tertipnama laýyklykda, 21-nji noýabrda açylyş dabarasy we şol gün Senegal bilen Niderlandlar ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy geçirmek göz öňünde tutulypdy.

Täze giriziljek üýtgeşiklik bilen 21-nji noýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulan 3-nji duşuşyk, ýagny Katar bilen Ekwadoryň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk bir gün öňe süýşürilýär.

Bu barada kabul edilen ýa-da kabul ediljek çözgüt resmi ýagdaýda aýan edilmedi. Ýöne metbugat neşirlerinde bu barada maglumat berilýär.

Related posts

Fatiniň şertnamasy uzadyldy

Ata Watan Eserleri

Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory wezipesine bellenildi

Neýmar 100 million ýewrodan ýüz öwürdi