SPORT

“Mançester Siti” ýene-de çempion bolarmyka?

Angliýanyň milli futbol çempionaty çekeleşikli duşuşyklar bilen dowam edýär. Köpden bäri öňedeligi eýeläp gelýän “Arsenal” toparynyň şu ýyl çempion bolmagyna garaşylýardy.

Ýöne “Mançester Siti” topary hem çempionlykdna daşlaşmak islegi ýok. Iki toparyň arasynda çempionlyk ugrunda çekeleşikli bäsleşik dowam edýär.

Düýn gije iki toparyň arasynda Angliýanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda galdyrylan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda “Mançester Siti” topary myhmançylykda “Arsenal” toparyny 3:1 hasabynda utup, çempionatda birinji orna çykdy.

Ýeňiş gazanan toparda 24-nji minutda Kewin de Bruýne, 72-nji minutda Jek Griliş we 82-nji minutda Erling Holand tapawutlandy. Ýeňilen toparda Bukaýo Saka 42-nji minutda 11 metrlik jeirme urgusyndan peýdalandy.

“Mançester Siti” topary 23 duşuşykda 51 utuk jemläp, birinji orna çykdy. Londonyň “Arsenal” toparynyň hem 51 utugy bar.

Çempionatyň indiki tapgyrynda “Arsenal” myhmançylykda “Aston Willa”, “Mançester Siti” bolsa myhmançylykda “Nottingem Forest” topary bilen duşuşar. Duşuşyklar 18-nji fewralda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo özüniň 6-njy dünýä çempionatyna gatnaşar

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy