Ata Watan Ylhamy

Şahyra :Sylapberdi Muhamow

Şahyra

Sözüñ gudratyndan gorkup

Kezzap bolmasañ

Bolmasañ eli egri ýa,

Aýdymlaryñ bolar göwünler görki,

Ömrüñ welin durşy bilen elegiýa.

Hakykata göre-bile kast eden,

Señ ykbalyñ bolar gap-gara gazan.

Çyn sözüni aýdyp bilmedik şahyr,

Senden gowurakdyr masgarabazam.

 

Ýol aýdymy

Ýollaň azabyndan gorkmazym ýaly,

Maňa ýa dost gerek, ýa-da ýar gerek.

Bolmasa biderek azara galyp,

Kötelli ýollarda ýadaýar ýürek.

Hyýalymy alyslarda aparan,

Nirde sen gün-günden daşlaşýan ýarym?!

Kalbymda turýanam bolsa topalaň,

Meň ömrüm täzeden başlanýan ýaly.

 

Küýseg

 

Golaýymda wagtyň,

Ýanyňda wagtym,

Oturardym sen tarapa bakman hem.

Indi sen gideňsoň, nirde diýp bagtym,

Çar ýana urunýan seni tapman men.

Seretmezdim sen tarapa, çünki men

Gapdalymda bardygyňy duýýardym.

Eşidemde çasly-çasly gülküleň,

Gaharlanyp, otly köýnek geýýärdim.

Perwaz urup ýörkä ýanyňda bagtyň,

Ony dünýäň ol ujundan gözlemäň.

…Ünsem bermändirin ýanymda wagtyň,

Indi ähli zatda seni gözleýän.

 

Seni küýseýän

 

Daňlar bürenipdir ümür-dumana,

Ýyllar däl-de wah köňüller güýzeýär.

Gijeler garaňky kömür hamana,

A men şol kenarda seni küýseýän.

Tolkunlar lebinden köpük seçer-de,

Bu daşly kenary öpüp geçende,

Dolan Aý deňize suwa düşende,

Şol daşly kenarda seni küýseýän.

Bolmasada meniň gaýyk-ýelkenim,

Ýeller ýüregimde goýup melhemin,

Ak säherler serpaý etse ylhamyn,

Şol daşly kenarda seni küýseýän.

Daşlaryň üstüne ýuwaşja basyp,

Ýanyma geleňde ýüregiň gysyp,

Säheriň sazyna bir gulak asyp,

Şol daşly kenarda seni küýseýän.

***

Ömrümiň manysy bolmaly zenan,

Deňziň kenarynda ýalňyz gezip ýör.

Säherler zemini örtende duman,

Armanyny guba çägä ýazyp ýör.

Tolkunlañ şowhuny parhyna däl oň,

Parhyna däl çarlaklaryñ gülküsi,

Towar saçly gyzlyk çagyndan galan,,

Çagalyk söýgüsi, köñül ünjüsi.

Emma bir gyrada özüni saklap,

Tolkunlara bakyp gözlerin süzýär.

Kalbyndan ýitiren kararyn tapman

Bu ýalñyz kenarda täk özi gezýär.

***

Taparyn men güýze meňzeş ol gyzy,

Mämmetnazar Babanazarow.

Ýürek arzuwlarym dilimde dessan,

Onsaň gussa güzerinde eglenmen.

Zülpleri tylla nur,

Gözleri asman,

Güýze aşyk gyza aşyk oglan men.

Inçe duýgularma gözbaş-hanadyr,

Ýalňyz özi şahyr kalbyň eýesi.

Alan demim şonuň bilen sanadym,

Şonuň özi duýgularmyň seresi.

Güýz diýsem şol gyzy salýan ýadyma,

Meň üçin şol gyzdan başlanýar her güýz.

Ýapraklar zer öwsüp başlan badyna,

Dünýä meniň üçin öňküden eziz.

Oň barynda düşmen alada-derde,

Ozalynda şol gyz üçin doglan men.

Manyly, mähirli, sypaýy, syrdam,

Güýzi söýýän gyzy söýýän oglan men.

***

Seň üçin bagrymy ezip gezerin.

Duýgularmam umman ýaly gözýetmez.

Men bir şu şygrymy ýazyp goýaýyn,

Çap bolmasa bolmasyn goý gazetde.

Seň waspyňy etsem sada sözlerim,

Gymmatyn artdyrar altyn-kümüş dek.

Meni serhoş edýär bada gözleriň,

Hem hoş ýakýar bile oýnap-gülüşmek.

Onsoň yşkdan ýaňa köýük ýüregim,

Köňlüm, janym, durkum teselli tapar.

Belki-de maralym, duýup geregim,

Öňümden bir käse heselli çykar.

Maňa bolsa şondan başga hiç bir zat,

Bu jahanda hiç bir närse gerek däl.

Maňa seniň gara gözleň güýç berýär,

Dünýäniñ tüm hossalarna seretmän…

Sylapberdi Muhamow

 

Hormatly okyjy!

Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir. Adyňyz, familýaňyz  e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger  isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy.

 

Ata Watan Ylhamy : Ylhamyň setirlerde beýany

 

Senem Gelersiň Onsoň… : GülÅŸirin Hanowa

Ýene-de okaň

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri