Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Geçmişe, geljege röwşen ýagtydyr,

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

Halkymyzyň berkarlyk bagtydyr,

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

 

Watan yşky ýaşaýandyr göwünde,

Bagtyýarlyk rowaçlyk bar bu günde,

Bilbiller saýraşýar bagu gülünde,

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

 

Güneş nury deýin saçyp ýalkymy,

Görmäne göz gerek seniň görküňi,

Gözelligiň haýran edýär her kimi,

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

 

Kalbymy joşdurýar seýilbaglaryň,

Asuda parahat gözel çaglaryň,

Geljege ynamly uzan ýollaryň,

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

 

Ösüşlere besläp her güni aýy,

Ynam bilen barýas geljege sary,

Ýurdunda döreden jenneti-jaýy,

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri.

Nurgeldi ILGELDIÝEW

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby

Related posts

Türkmenistan Devlet Başkanı, 73.BM Genel Kurulu’na katılacak

vepa

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda «Bagtyýarlygyň» ähmiýeti

Hepdelik täleýnama (5-11-nji oktýabr)

Ata Watan Eserleri