DÜNÝÄ

S.Berdimuhamedow ÝB-niň ýörite wekilini kabul etdi

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigi nygtaldy.

Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň işjeň prosesleri bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurda ýewropa hünärmenleriniň nou-hauna gyzyklanmasyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda sebit we halkara derejelerde howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle-de ÝB-niň döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşmalary mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly pikir alşyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary

 

 

Ýene-de okaň

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi