BIZNES

Rus kompaniýalary Astrahan-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Rus kompaniýalary elektron söwda we ulag, Astarahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda gönüden-göni howa gatnawlaryny açmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça Hazarýaka portlaryna, şol sanda Türkmenistana syýahatçylaryň barmagy üçin gämi gatnawlary gurnamak bilen gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç belledi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat şäherinde  Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim, inžener geologiýa we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyna garaldy.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň işine gatnaşmak üçin  Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada gelipdi.

Rus toparyň düzümindäki Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç bu barada beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň şu ýylyň 8 aýynda 50 göterime golaý artandygyny belläp, degişli döwürde Russiýadan Türkmenistana oba hojalyk önümleri, metal we metal önümleriniň eksporty, Türkmenistandan Russiýa bolsa, dokma önümleriniň azyk harytlarynyň hem-de oba hojalyk çig mallarynyň eksportynyň ýokarlanandygy bellenildi.

Şu okgunly depgini saklamak üçin Dmitriý Wolwaç türkmen tarapyna GDA-nyň çäklerinde hyzmatlarda paçsyz söwda baradaky şertnama goşulmagy teklip etdi.

Related posts

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosini satyn aldy

2020-nji ýylyň 11 aýynyň ykdysady görkezijileri

Ýewropa Birleşigi Türkmen telekeçilerini gutlaýar

Ata Watan Eserleri