DÜNÝÄ

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebinde türkmen we täjik ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady.

Çärede Ilçi A.Goçmyradow, Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti K.Huşwahtzoda, Täjigistan Respublikasynyň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Etika boýunça komissiýanyň Başlygy F.Barotzoda, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, ýazyjy, terjimeçi we dramaturg A.Hamdam çykyş etdiler. Döredijilik agşamyna Täjigistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatlar hem gatnaşdylar.

Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, geçirilýän şeýle çäreleriň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ösýän medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup çykyş edýändigini bellediler.

Döredijilik agşamynyň çäginde beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary we häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri görkezilişe çykaryldy.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy