BILIM

Robot tehnologiýalar boýunça bäsleşik geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlaryň robot tehnologiýalar boýunça bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi. Ol 7-8-nji dekabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň talyplary, şeýle hem bilimlerini, zehinlerini we ukyplaryny görkezmek isleýän 30 ýaşa çenli bolan ýaşlar çagyrylýarlar.

Gatnaşmaga dalaş etjekler ýurdumyzyň bilim ýa-da ylym edaralary tarapyndan hödürlenilmelidir.

Bäsleşik dört ugurlar: «Sumo robotlaryň ýaryşy», «Çylşyrymly geçelge», «Topardaky taslamalaryň bäsleşigi», «Ak reňkiň ýüzündäki gara çyzyklardan barýan robotlaryň ýaryşy» diýen ugurlar boýunça geçiriler.

Gatnaşmaga isleg bildirýänler 39-14-82, 39-14-29, +993 64 47-75-47 telefon belgiler boýunça has giňişleýin maglumatlary alyp bilerler.

Bäsleşigiň geçirilmegi ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, goldamaga we höweslendirmäge, ýaşlaryň robot tehnikasyny öwrenmäge, ylmy we innowasion işleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Related posts

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ähtnama gol çekildi

«FLEX» maksatnamasy: türkmen okuwçylaryny gatnaşmaga çagyrýar