DÜNÝÄ

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäheri) wezipesine bellendi.

Türkmenistan we Monako 2015-nji ýylyň awgust aýynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Ilçi Maksat Çaryýew 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi wezipesine bellendi. 2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda ynanç hatyny Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona gowşurdy.
Şeýle hem, Maksat Çaryýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) hemişelik wekili we Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi wezipeleri alyp barýar.

Related posts

Putin Serdar Berdimuhamedowa “Dostluk” ordenini gowşurdy

Dünýädäki iň howply agaç

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi