BIZNES

Türkmenistan polipropilen önümlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly eksport edýär

Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna bolan Polipropilen terminalynyň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporta ugradylýar.

Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň hatarynda Polipropilen terminalynyň üsti bilen «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 749 müň 900 tonna ýokary hilli koks önümi «Bestway» türk kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Türkiýe döwletine eksport edildi. Bu barada deňiz portunyň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem Gazagystanyň «Korsintez» kompaniýasynyň buýurmasy esasynda 1 350 tonna polipropilen önümi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitine üstünlikli eksport edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 62 müň inedördül metr meýdana barabar bolan Polipropilen terminalynda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Terminalda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän 45 tonna ýük göterijilikli port kranlary arkaly şol bir wagtyň özünde 3 sany gämä ýükleme we düşürme işleri amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar