DÜNÝÄ

Putin we Pezeşkian şu ýylyň dowamynda duşuşmagy meýilleşdirýär

Russiýanyň Prezidenti Waldimir Putin bilen Eýranyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda Putin Pezeşkiany saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlap, jogapkarçilikli döwlet wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Taralar iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda gazanylan derejä kanagatlanma bildirip, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardyklaryny aýtdy.

Liderler şu ýylyň dowamynda özara duşuşygy guramak üçin ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Prezident Putin Pezeşkiany Russiýanyň Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Pezeşkian, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG), BRIKS we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly halkara we sebit guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Related posts

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýeti ähtnama gol çekişdi

Merkezi Aziýanyň parlament ýolbaşçylary Täjigistanyň Milli teatryna baryp gördüler

Türkmen-hytaý gatnaşyklary maslahatlaşyldy