DÜNÝÄ

Putin bilen Baýdeniň duşuşygy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň Moskwanyň wagty bilen 18:00-da geçiriljekdigi mälim edildi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň habar berşine görä, Putin bilen Baýdeniň onlaýn tertibindäki sammiti dolulygyna efire berilmeýär. Diňe duşuşygyň ilkinji minutlary görkeziler we soňra döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygy ýapyk görnüşinde dowam eder.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Döwlet Baştutanlary Owganystandaky ýagdaý babatda hem pikir alşar.  Şeýle hem iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem liderler iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň işi boýunça hem pikir alşarlar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden mundan ozal şu ýylyň iýun aýynda Ženewa şäherinde duşuşypdy. Bu duşuşyk ýüzbe-ýüz geçirilipdi.

 

Hormatly Prezidentimiz gyrgyz kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy