DÜNÝÄ

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkiýe Respublikasynda her ýylyň 21-27-nji maýy aralygynda “Türk aşhanasynyň hepdeligi” ady bilen türk tagamlaryny giňden wagyz etmek üçin dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreler hem ýurduň çäginde hem-de daşary ýurtlardaky Türkiýäniň diplomatik wekilhanalarynda geçirilýär.
“Türk aşhanasynyň hepdeliginiň” çäklerinde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan çäre guraldy. Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň gurnamagynda geçirilen çärä paýtagtymyz Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurtly habarçylar hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Bu çärä “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.
Dabara çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanyň medeniýet ministri atageldi Şamyrdow hem-de Türkmenistanda saparda bolýan Türkiýäniň ýokary bilim geňeşiniň ýolbaşçysy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem bar.
Ilçi Ahmet Demirok öz çykyşynda “Türk aşhanasy hepdeligi” çäreleriniň  Türkiýäniň baý gastronomiýa medeniýetini dünýäde giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Emine Ärdoganyň başlangyjy bilen ýola goýlan “Türk aşhanasy hepdeligi” çäreleriniň tutuş dünýäde giň gyzyklanma döredýär we türk tagamlaryny giňden beýan edýän “Köp asyrlyk reseptler bilen türk aşhanasy” kitabyna esaslanyp, türk tagamlary hödürlendi.
Dabarada bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sungat ussatlary çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy