DÜNÝÄ

Pul birliginiň adyny üýtgedýär

Eýran Yslam Respublikasy milli pul birliginiň adyny üýtgedýär. Häzirki wagtda “rial” diýlip atlandyrylýan pul birligini “tümen” diýip üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani teleýaýlymda eden çykyşynda belläp geçdi.

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň Mejlisi (parlament) milli pul birliginiň adyny üýtgetmek we denominasiýa etmek baradaky kanun taslamasyny tassyklady, şoňa laýyklykda Eýranyň rialy tümen bilen çalşyrylýar.  Milli pul birliginden soňky 4 noluň aýrylmagyny we tümeniň ýurduň milli pul birligi hökmünde kesgitlenmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy kabul edildi.

Tümen 1932-nji ýyla çenli ulanyldy, soňra ol rial bilen üýtgedildi. Bu ýagdaý täzeden öňki durkyna getirilýär. Ýöne ýurtda tümen resmi däl pul birligi hökmünde giňden ulanylýardy.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy