DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitiniň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirilýär.

bu sammite gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk sammitiň geçirilýän Stambulyň Demokratiýa we erkinlik adasynda geçirildi. Sammit başlamazdan ozal, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekretariatynyň täze ştab-kwartirasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Türki geňeşiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary