DÜNÝÄ

Patyşa Willem: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Niderlandlar Patyşalygynyň Patyşasy Willem Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Belgiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtyndaky habara görä, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamy ýetirildi. Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň Niderlandlar Patyşalygy bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Willem Aleksandr Niderlandlar Patyşalygynyň hem öz gezeginde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanýandygyny mälim etdi.

Iki tarapyň hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak üçin oňat mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça energetika/ýaşyl energiýa, gämigurluşyk, portlaryň arasynda hyzmatdaşlyk, oba hojalygy, maglumat tehnologiýasy we beýlekiler kesgitlendi.

Patyşa iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň we Niderlandlaryň bazarlaryndaky islegi, maýa goýum ýagdaýyny, işewürlik we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini öwrenmek baradaky teklibi goldady.

Willem Aleksandryň pikiriçe, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň sebiti we esasan hem Türkmenistan kontinental ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginde aýgytly orun eýeläp biler.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy