Näme Üçın, Hıç Kım “Ejem Ogly” Bolmak Islemeýär?!

Beýleki dillerdäki ýagdaýlary doly bilemok welin, türkmen dilinde käwagt garaşylmadyk we gaty geň galmaly ýagdaýlar ýüze çykýar duruberýär. Ynha, şolaryň biri hem ýokardaky sözbaşy bilen baglanyşykly.

Geň tarapy şu: Türkmen oglanlarynyň hemmesini ejeleri dogurýar. Ýöne olaryň ýekejesi-de “ejem ogly” bolmak islänok. Eýsem, sizce bu geň dälmi?!

Geliň, hemme zady başdan başlalyň we deliller bilen derňäliň.

Türkmen diliniň sözlüginde “eje” sözüne “çagany dogran aýal” diýlip düşündiriş berilýär. [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I. Aşgabat, 2016:337]

Diýmek, çagany dogran aýal, şol çaganyň ejesidir. Erkek oglan-da özüni dogran enäniň ogludyr. Diýmek, erkek oglan ejesiniň ogludyr. Bu ýerdäki düşünje düzümleri bilen düşünişmezlik mümkin däl. Hemme zat köre hasa. Şeýle-de bolsa, sözüň ýa-da söz düzüminiň üstüne ýüklenilýän garaşylýandan başgaçarak many-mazmunyň, pikirdir düşünjäniň nusgasy pähimiň hörpüni düýbünden üýtgedýär.

“Ejemogly” pähiminiň düşünje düzümlerinden emele getirilen paradigmasynyň käbir nusalary bilen göz ýetirip bileris.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň birinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogly bolandygyny kabul edýärler, ýöne olaryň hiç birisi, hatda aralaryndan ýekejesi-de, “ejemogly” bolmaklyga kes-kelläm razylyk bermeýärler.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň ikinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogludyr, çünki olary kakasy dogurmandy. Bu üýtgewsiz hakykatdyr. Ejesiniň dograndygyna garamazdan, olaryň hemmesi “ejemogullyk” derejesinden boýun towlaýarlar.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň üçünji nusgasy. Oglanyň ejesi “Bu oglan meniň öz oglumdyr” diýip, dogran perzendini enelik haky bilen bagryna basýar. Ýöne ejesiniň ak süýdüni emip ulalan şol oglan welin “Men asla ejem ogly däldirin” diýip, iki aýagynam diräp garşy çykýar.

Şonuň üçin türkmenlerde “çaga aga-gara düşünip, ulaldygy saýy atasy oňa merdemsi garap ugraýar, çaga lellim, “ejem ogly” bolup ýetişmez ýaly, berk tutmaga ymtylýar” diýilmeginiň esasynda türkmen terbiýesi ýatýar.

Türkmen dilinde “ejemogly” bilen baglanyşykly anlatma hakynda şeýle maglumatlar duş gelýär. Şolardan käbir nusgalar:

◊ Ejem ogly, özüni oňarmayan, elinden iş gelmeýän, nalajedeýin, lellim oglan [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I. Aşgabat, 2016:337].

“Ejem ogly” durnukly aňlatmasy barada Kerim Gurbannepesowyň “Oýlanma Baýry” [K. Gurbannepesow. Oýlanma Baýry. Aşgabat, 1995:368] diýen ýygyndysynda şeýle setirlere duş gelmek mümkin:

 

“Menem hüňürdedim: “Gülüpler geçiň,

Öýe gyzyl burçsuz barmajagym hak.

Keýwanyň buýrugy – men üçin kanun:

Burç getir diýdimi – burç alyp barjak,

Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak.

Ol meniň öz işim. Size bagly däl.

Onsoňam men siziň äriňiz ýaly,

Ýa ogluňyz ýaly ejemogly däl!..”

 

Netije ýerine şahsy garaýşym. Hormatly okyjylar! “Ejeli ogullar → ejem ogullary däldirler” diýen öňden dowam edip gelýän düşünjä menem garşy däl. Ýöne şuny asla unutmaly däldiris. Türkmen özüniň gelip çykyşyna degişli taryhy sahypalarynyň hiç birinde lellimligi, özüni oňarmazlygy, başarnyksyzlygy, ukypsyzlyga, nalajedeýinligi asla enäniň üstüne ýüklemändir. Muňa dogry düşünmek gerek. Hatda taryhyň altyn sahypalaryndan türkmen enesiniň han göterme derejesine (Güljemal Han) çenli baryp ýetendigini bilmek mümkindir.

Türkmenlerdäki “ejem ogly” aňlatmasy paýhas grammatikasy (когнитивная грамматика) babatdan halkara derejesinde ünsi özüne çekiji mysaldyr. Çünki, bu mysalyň türkmen pelsepesine, pedagogikasyna, harby tälimine we medeniýeti öwrenişine degişli maglumatlar bilen ýugrumy ýetirilendir. Bu ýerde asla enelerimize äsgermezlik edilmeýär.

Bu ýerde Türkmenlere, türkmenleriň maşgala gurluşyna mahsus iki nusga göz öňünde tutulmalydyr. Olarynyň gadymydan gelýän garaýyşlaryny atalar sözünden tapmak mümkindir:  “Gyz eneden görmedikçe, öwüt almaz, ogul atadan görmedikçe supra çekmez”, “Ata kesbi ogla halal, ene kesbi-gyza”, “Enesini gör-de, gyzyny al, kenaryny gör-de, bizini al” .

 

Related posts

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» gurluşyk ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar

Almatyda türkmen-gazak işewürlik forumy geçirildi

Türkmenistanda Eýranyň matanyň ýüzüne surat çekmek boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler

COP 31 maslahaty: Türkmenistan halkara guramalar bilen resminamalara gol çekişdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri COP 31 Liderler sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi

Gyrgyzystanda prezidentlige dalaşgärleriň sany ýedä ýetdi

11-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

10-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

09-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi

Türkmenistan-Gazagystan-Eýranyň aragatnaşyk ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Dohada geçirilen forumda çykyş etdi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri COP31 maslahaty üçin Türkiýä bardy

Britaniýaly syýahatçy 28 ýyllyk pyýadalaýyn dünýä syýahatyny tamamlady

Türkmen kinolary «Göwher kebelek» halkara kino baýragy ugrunda bäsleşýär

Ata Watan Eserleri