JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow mejlisiň barşynda Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi.

Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hereket edýär. Geňeşiň düzümi Milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanylýar hem-de oňa degişli üýtgetmeler girizilýär.

Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki wagtda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Karar bilen bellenen Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň bardygyny belläp, Arkadag şäherine hem mynasyp wekilçilik etjek ýaşuly agzalar barada Gahryman Arkadagymyzdan öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy K.Täşliýewiň, şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherine hem wekilçilik edýändigini aýdyp, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik