JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

26-njy maýda Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistan arasyndaky ýokary derejeli özara saparlaryň hem-de gatnaşyklaryň dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegindäki orny we ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gün tertibi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-logistika, şonuň ýaly-da ynsanperwer, ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça, şeýle hem Hazar deňzi çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Munuň bilen birlikde, köptaraplaýyn platformalaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyna üns çekildi.

Şol bir wagtda, sebit howpsuzlygy meseleleri barada pikir alşyldy, umuman sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we dowamly ösüşiň goralmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik